Sirk sahnasyndaky şowhunly çykyşlar

11 Ýanwar 2024
410

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde «Altyn balyk» ady bilen guralýan şowhunly çykyşlar çagalaryň gyşky dynç alyş möwsüminiň gyzykly, täsirli geçmegi, uly ýaşdaky ildeşlerimiziň bolsa medeniýetli dynç almaklary üçin giň mümkinçilik döredýär. Köpöwüşginli yşyklar bilen bezelen sirk sahnasynda görkezilen tomaşalaryň hiç biri-de bu ýere gelenleri biparh goýmaýar.

Çeýe hereketli howa gimnastlary sirk sungatynyň dürli görnüşlerinde çykyş edýärler. Tilsim öwredilen alabaýlaryň, düýeleriň hem-de pudel güjükleriniň çykyşlary biri-biri bilen utgaşyp, tomaşaçylara ruhy lezzet paýlaýar. Akrobatlaryň çylşyrymly hereketlerini-de öz içine alýan baý mazmunly çykyşlar paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny-da, myhmanlaryny-da biparh goýmaýar. Kepderileriň täsirli çykyşlary hemmelerde uly gyzyklanma döredip, özboluşly hereketleri bilen tomaşaçylara ýatdan çykmajak ajaýyp täsirleri bagyş edýär.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.