Aýdym bolup ýaşamak

10 Ýanwar 2024
488

Şeýle bagt miýesser eden ynsanlaryň biri-de, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowadyr. Sungata örküni baglan hakynda söz açylanda, köplenç, onuň döredijiligi bilen tanyşdyrmakdan başlanýar. Emma Jemal Saparowa babatda alanyňda, munuň hiç hili zerurlygy ýok diýip hasaplaýarys.

Eger ony tanajak bolsaň, onda bu sungat ussadynyň aýdymlaryny diňläýmeli. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem halypa üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Ýylyň şygary bilen halypa aýdymçynyň aýdymlarynyň özara sazlaşykly ýaňlanmagy tebigy ahwal bolup göz öňüňe gelýär. Çünki ol aýdymlarda durmuşyň özi ýaly egsilmez joşgun, döwre buýsanç, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli bitirýän beýik işleriniň waspy bar. Onuň çykyşlaryny diňläniňde, söhbetdeş bolanyňda bir zada has ýakyndan göz ýetirýärsiň. Ol aýdym bolup ýaşaýar. Onuň berýän gürrüňleri hem edil aýdym ýaly. Geçen ýylyň özünde halypa aýdymçynyň ýerine ýetiren aýdymlarynyň sany 15-e ýetýär. Olaryň arasynda eneler, ýaşulular, durmuş hakdaky aýdymlar hem bar. Ussat aýdymçynyň parahat, asuda, eşretli durmuşymyza buýsançly gürrüňleriniň özi hem aýdym ýaly bolup ýaňlanýar.

Aýjemal OMAROWA,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.