Beýik halkyň bagşysy men...

10 Ýanwar 2024
431

Gulbabajyk ýokardaky aýdymy aýdyp, halkyna buýsandy. Gysga ömründe ýüreklerden öçmejek orun aldy. Halk hem öz ýaşajyk, zehinli perzendini hatyralap, onuň adyny ebedileşdirdi. Bu gün onuň adyny göterýän çagalar baýragy bäsleşiklerde, olimpiadalarda, sportda, okuw, döredijilik we beýleki ugurlarda tapawutlanan zehinli ýaş türkmenistanlylara berilýär.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň guramagynda bu bäsleşik her ýyl geçirilip gelinýär. Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky gowşurylyşynda özboluşly baglanyşyk bar. Çünki baýragyň hem ýylyňam ady türkmeniň sarpasyny belent tutýan ogullarynyň ady bilen baglanyşykly.

Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».