Söz sungatynyň zergäri

10 Ýanwar 2024
319

Halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli guwanjy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda bellemäge ýokary guramaçylyk derejesinde uly taýýarlyk görülýär.

Halkymyz tarapyndan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygynyň diňe bir döwlet däl, eýsem, halkara derejesinde bellenilip geçilmeginiň aňyrsynda beýik söz ussadynyň şygyrlarynda özüniň beýanyny tapan türkmen halkynyň döwletlilik, bitewülik, berkararlyk baradaky arzuwlary ýatyr. 2023-nji ýylda akyldar şahyryň gymmatly mirasyny halkara derejesine çykarmak ugrunda ençeme netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Akyldaryň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Şeýle taryhy wakalar, aýratyn hem, 2024-nji ýylyň TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi ähli halkymyzyň toý şatlygyny, ýürek buýsanjyny goşalandyrdy.

Laçyn SABYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň öwreniji mugallymy.