“Müň okasaň binýat bolar”

8 Ýanwar 2024
183

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, ene dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeler hökmünde dowam etdirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem ata-babalarymyzdan gelýän şeýle asylly ýörelgelerden ugur alyp, ýaş nesillerimize döwrebap bilimi öwredýäris hem-de olary milli ruhda terbiýeleýäris. Ýurdumyz boýunça ýaş nesliň ylym-bilime, ene dilimizi öwrenmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda jemgyýetimiz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýan, ýaşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler, dürli medeni çäreler terbiýeçilik ähmiýeti bilen tapawutlanýar.

Türkmen halkynyň terbiýe meselesinde örän çuňňur garaýyşlary bar. Bu garaýyşlary birnäçe nakyllaryň üsti bilen hem aýdyň görmek bolýar. “Ýüz okasaň, ýat bolar. Müň okasaň, binýat bolar” diýen pähimde halkymyzyň parasatly ýoly görünýär. Şonuň üçin hem orta mekdeplerde geçirilýän döredijilik duşuşyklarynda okuwçylara akyldar şahyryň goşgularyny köp okamagy, bu ajaýyp şygyrlary ýatdan aýdyp bilmegi öwredýäris. Bu hem ýaşlaryň dünýägaraýşynyň ösmegine, söz baýlyklarynyň artmagyna täsir edýär. Milli terbiýäniň aýratynlyklaryny halk döredijiliginde, şol sanda nakyllarda görmek bolýar. Elbetde, nakyllaryň özi halkyň durmuş tejribesinde toplan, söz baýlyklary bilen beýan eden pähimleridir.