Ol — aýdymyň aşygy

10 Ýanwar 2024
408

2002-nji ýylyň tomsy paýawlap barýardy. Welaýat merkezindäki medeni-dynç alyş seýilgähiniň bezemen sahnasy tomaşaçylardan ýaňa hyň berýärdi. Töwerek-daş garaňkyrap barýan hem bolsa, giň sahna gündizlik ýaly ýagtydy. Owadan geýnüwli sazandalar saz gurallaryny sazlamak bilen başagaýdy. Tolgunmadan ýaňa içki başagaýlyklary başdan geçirýän ýaş ýigitleriň we gyzlaryň bir topary bolsa sahnanyň arkasynda içlerini hümledişip, alyp baryjynyň özlerini sahna çagyraryna garaşýardy.

Hawa, şol gün bu ýerde ýaş aýdymçylaryň arasynda ýurdumyzda däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirilýärdi. Alyp baryjylaryň sahnada peýda bolmaklary bilen tutuş mähelle göz bilen gulaga öwrülip, gezekli-gezegine sahna çagyrylýan ýaş aýdymçylary synçy nazaryndan geçirýär. Hä diýmän, tomus gijesiniň aýly agşamynda Watan waspy bolup ýaňlanýan ajaýyp aýdymlaryň owazy uzaklara eşidilip ugraýar.

Gülşirin MUHAMMEDOWA,
Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň müdiri.