Dünýä ýaň salýan owaz

10 Ýanwar 2024
370

Ýurdumyz şanly Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra ähli ugurlar bilen bir hatarda milli aýdym-saz sungatymyz hem buýsandyryjy ösüşlere beslenip, döwlet hory, simfoniki orkestr, opera we sirk sungaty täzeden dikeldildi. Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde dünýä belli hem-de türkmen kompozitorlary tarapyndan döredilen operalar, dürli mazmunly aýdym-saz eserleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütin äleme ýaň salýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä derejesinde ösdürmekde köp aladalar edilýär we bu ugurda giň mümkinçilikler döredildi. Dost-doganlyk ýurtlar bilen medeni gatnaşyklary yzygiderli dowam etdirmäge giň ýollar açyldy.

Zähmet çekýän sungat ojagymyzyň bagtyýar ýaşlary hem halkara derejesindäki bäsleşiklerdir festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar. Ynha, geçen ýylda hem mekdebimiziň hor topary Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen çagalaryň çeper döredijiliginiň halkara festiwalyna gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldy. Ýaňy-ýakynda bolsa Aşgabatda mekdebimiziň Ilgar Atahanowyň ýolbaşçylyk etmegindäki hor topary Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň medeniýet we sungat wekilleri bilen bilelikde konsert berdi. Ýeri gelende bellesek, hor toparymyz amerikaly sungat wekilleri bilen Mary welaýatynda hem çykyş etdi. Munuň özi iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň has-da berkäp, birek-biregiň medeniýetini we saz sungatyny giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilik boldy.

Jahan ÝAROWA,
Çärjew etrap çagalar sungat mekdebiniň sazyň taryhy we hor bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.