Ýyllar şöhrata beslenýär

9 Ýanwar 2024
489

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara derejede-de giňden bellenjek ýylynda we her ýyla mynasyp at goýmak däbine eýerilip, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygryndan ruhlanylyp 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyň diýlip atlandyrylmagy türkmen jemgyýetiniň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrmakda, halkymyzyň Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek ýaly gadymdan gelýän asylly ýörelgesini dowam etdirmekde, milli ruhda terbiýelenen ýaş nesilleri kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň giň we köptaraplaýyn döredijiligi ajaýyp zamanamyzda dünýä nusgalyk mekdepdir. Akyldaryň eserleriniň ynsan köňüllerine saçýan şuglasy ýyllar geçdigiçe has-da nurlanýar, onuň çuň many-mazmuna ýugrulan goşgulary bu gün dünýä halklaryny özüne bendi edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy akyldar şahyra belent sarpanyň nusgasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň bu goşgusynyň her bir setiriniň çuňňur many-mazmuna eýe bolup, onuň ata Watana, ene topraga, türkmen edebiýatyna bolan söýgini beýan edýändigini nygtamak has-da ýakymly. Şonuň bilen birlikde-de, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň şahyryň edebi mirasyna goýýan egsilmejek söýgüsiniň nyşanydyr.

Ogulkeýik ÝOLLYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.