Halkymyzyň akyldar şahyry

9 Ýanwar 2024
439

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasy belent derejelere göterilip, şirin dilli söz ussadymyzyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek bilen bagly tagallalar barha rowaçlanýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriniň sanawyna girizilmegi hem bu babatda aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr.

Geçen gysga taryhy döwrüň dowamynda Milli Liderimiziň başlangyçlary we taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň baý, gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny ylmy esasda öwrenmekde, akyldar şahyryň bahasyz edebi we pelsepewi mirasyny giňden wagyz etmekde buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde şahyryň durmuş we döredijilik ýoluna bagyşlanyp köp sanly çäreler, şol sanda ylmy maslahatlar geçirildi, beýik akyldaryň şygyrlar diwany dünýäniň halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edildi, şahyryň dogduk mekanynda, onuň adyny buýsanç bilen göterýän etrabynda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumy hem-de muzeý açyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu ugurdaky işleriň üstünlikli dowam etdirilmegi dünýäde beýik söz ussadymyzyň şahsyýetine we mirasyna gyzyklanmany has-da artdyrýar.

Sadap BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.