Palmalar

9 Ýanwar 2024
657

Seýilgählerde ekilýän dürli agaçlardyr güller tebigatyň gözelligine görk goşýar. Ýurdumyzda beýleki agaçlar bilen bilelikde palma agaçlaryna hem aýratyn üns berilýändigini hem-de olaryň sanynyň artdyrylmagy üçin dürli görnüşleriniň ekilýändigini bellemek gerek.

Aslynda palmalar tropiki we subtropiki etraplarda ösýän agaçlardyr. Bu agajyň esasy gelip çykan watany Hindi-Malaý we Gwineý-Brazil topraklary hasaplanylýar. Palmalar tebigatyň gözelligine özboluşly görk goşýan ajaýyp we özboluşly agaçlardyr. Bu agaç bezeg agajy bolmak bilen, islendik adamyň ünsüni özüne çekýär. Çünki olar özüniň daşky görnüşi we owadanlygy bilen beýleki agaç görnüşlerinden mese-mälim tapawutlanýarlar.

Mähri JALTYKOWA,
«Hazar» döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.