Luw — berekediň ýyly

9 Ýanwar 2024
378

Ata-babalarymyz we dünýä halklary müçäniň her ýylyny bir jandar bilen atlandyrypdyrlar. Uly ynam hem ruhubelentlik bilen gadam basan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz müçenama boýunça Luw ýyly hasaplanýar. Luw mifiki häsiýetde bolup, ol ýerde ýöreýän, suwda ýüzýän, asmanda uçýan jandar bolupdyr. Halk arasynda aýdylýan bir tymsala görä, hökümdarlar müçenamany tertibe salmak üçin, on iki sany jandary pellehana çenli ylgadyp, haýsysy öň barsa şony müçede ýylbaşy etmek, beýlekilerine bolsa pellehana baran tertibine görä orun bermek kararyna gelipdirler. Ýyndamlykda Luwa taý geljegi ýok ekeni. Hemmelerden öňde barýan Luw ýolda suwsan ekinlere gözi düşüp, derýadan suw alyp, asmana pürküp, teşne topragy gandyrypdyr. Ýene ylgap barýarka, öňünde bir obany sil suwunyň basýanyny görüpdir. Luw joşup akýan suwy içine dartyp, aňyrsy-bärsi görünmeýän deňze pürküpdir.

Jandarlar pellehana gelip başlapdyrlar. Luw haçan-da dördünji bolup ýetip gelýärkä, yzynda uly gykylyk eşidilipdir. Seretse, towşan kömege çagyrýar. Ol towşany möjekden halas edipdir we öz-özüni bäşinjä düşüripdir. Şeýdibem, bäşinji bolup pellehana gelipdir. Şonuň üçin, Gündogarda we türki halklaryň käbirinde Luw ygalyň, ýeliň, ekiniň ýardamçysy hasaplanypdyr.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.