Gyşyň gyzykly günleri

9 Ýanwar 2024
542

Häzirki wagtda çagalar üçin iň bir gyzykly we başdan geçirmeleriň döwri bolan gyşky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli tomaşa jaýlarynda we Döwlet sirkinde ýaş türkmenistanlylaryň bu döwürde wagtlaryny şadyýan hem-de medeniýetli geçirmekleri üçin ýörite çykyşlar taýýarlanyp, 10-njy ýanwara çenli her gün tomaşaçylara ýetirilýär.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň hödürleýän «Şadyýan wäşiler» hem-de «Ependi we onuň goňşulary» ýaly aýdym-sazly, degişme sahnalaryny tomaşa etmäge gelýänleriň sany gün-günden artýar. Gyzgalaňly döwürde körpelere Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Täze ýyl şowhuny», «Gezekli çemçe», «Şadyýan sazandalar», «Aç möjek», «Sakarja geçi» ýaly gyzykly sahna eserleri hödürlenýän bolsa, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Gopbam towşanjyk», «Esen Şohuň aýdymy», «Bir aždarha bar eken», «Jadyly söz» ýaly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar görkezilýär. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda görkezilýän «Baba Ýaganyň sapalagy» atly sahna oýnuny tomaşa etmäge gelýänleriň sany hem gün-günden artýar.

Çaryguly Hanjaýew.
«Türkmenistan».