Medeniýet öýünden başlanýan menziller

9 Ýanwar 2024
533

Häzirkisi ýaly döwrebaplaşdyrylmanka-da, obany ikä bölüp geçýän uly ýoluň boýunda onuň ýeri dur. Deňinden geçip barýarkam, hakydama onuň bilen bagly dürli döwürleriň ýatlamalary doldy. 1972-nji ýylda, 3-nji synpa geçen mahalym bu oba göçüp gelenimizden soň, onda gören çeper filmlerimiz ýaly bolup, ýatlamalar göz öňümden geçdi. Aýdym-sazly çykyşlary, artistleriň görkezen oýunlaryny ýatladym. Onda ýerleşen oba kitaphanasynyň kitaplaryny okap, soňra çeper edebiýatyň ömürlik hemrama öwrülişini diýsene!

Biziň neberämiz ondan ozal göçüp-gonup, mal yzynda ýörerdi. Soňra mekdepli ýere — oturymly Garadepä göçüp geldik...

Seýitmämmet HYDYROW,
Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.