Adyň nesillere nusga, Gulbaba!

8 Ýanwar 2024
400

«Ussatlyk diňe bir ýaşa däl-de, eýsem, zehin-ukyba bagly» diýýärler. Türkmen halkynyň hemişe hormat bilen ýatlaýan perzentleriniň biri Gulbabajyk şeýle zehinlerden diýsek dogry bolar. Çünki Hakdan berlen ukyby bilen heniz üç ýaşyny hem doldurmanka köpçüligiň öňünde «Ýarap borka» aýdymyny ussatlyk bilen ýerine ýetiren, şeýdibem bütin halkyň öçmejek söýgüsini gazanan Gulbaba bagşy — Möwlamberdi Hanow külli türkmeniň ýüreginde ýaşaýar.

Bu günki nesilleriň hut rowaýata barabar edip ýatlaýan Gulbabajygynyň hakyky ady Möwlamberdi. Özem ol 1956-njy ýylyň 22-nji aprelinde Mary welaýatynyň Mary şäherinde dünýä inipdir. Mana düşmez çagajygyň dutaryň sesine aglamasyny goýmagy, emedekläp ýörkä, haýsy tarapdan dutar-gyjagyň sesi eşidilse, şol tarapa gidibermegi onuň kakasy Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewiň körpejäniň Hakdan berlen zehinini duýmagyna getirýär. Şeýlelikde, çagalykdan ussatlygyň bosagasyndan ätlän Gulbabajygyň sungat ýoly başlanýar.

"Nesil".