Ependiden başlanan ýol

4 Ýanwar 2024
470

Ykbalynyň baş sahypasyna «artist» diýen käri ýazan müňlerçe ykbally ynsanlaryň biri Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Jumageldi Ýolowdyr. Onuň teatr sungatyna aralaşmagyna daýysy, Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýew sebäp bolýar. Ol bu barada şeýle ýatlaýar:

— 1971-nji ýylda obamyza Aşgabatdan sahna oýnuny görkezmäge geldiler. Oba adamlary, uly-kiçi bary oba klubuna eňdiler. Men ol wagtlar 5-6 ýaşlarymdadym. Spektaklyň näme hakda gidýänine düşünmesemem, ejem: «Spektaklda daýyň oýnaýar» diýensoň, maşgalamyz bolup oýun görmäge gitdik. Haýran galyp oýna tomaşa-da etdik. Annamyrat Berdiýewiň kakasy Berdi aga bilen meniň mamam süýtdeş dogandy.

Maýa ÇARYÝEWA,
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň bölüm müdiri.