Dostlukly halklaryň sungat sergisi

4 Ýanwar 2024
643

Üstünlikli tamamlanan, taryhy wakalara baý bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzdan soň, täze 2024-nji, ýagny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ilkinji günleri hem uly şanly wakalara beslenýär.

Şu gün Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de türkmen zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi we maslahaty geçirildi. Bu bolsa iki halkyň arasyndaky doganlyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň hil taýdan täze mazmuna eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».