Orny kalbymyzda, waspy dilimizde

3 Ýanwar 2024
471

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi ildeşlerimizde uly buýsanç döretdi. Döwrümiziň şanyna şan, ýylymyzyň joşgunyna joşgun goşan ganatly şygar kalbymyzy şatlandyryp, päk arzuw-umytlara besledi.

XVIII asyrdan bäri Magtymguly Pyragy her bir türkmeniň kalbynda, aňynda ýaşap gelýär. Has takygy, türkmen diýlende Magtymguly Pyragy, Magtymguly diýlende bolsa şahyrana türkmen halky göz öňüňde janlanýar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek, dünýä ýaýmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Süleýman BAÝRAMGELDIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.