Täsin maglumatlar

29 Dekabr 2023
693

Gyş paslynyň gelmegi bilen çagalaryň her biri garyň ýagmagyna garaşýar. Sebäbi göz gamaşdyryjy kümüş reňkli gar tebigatyň bezegi. Gar tozgajyklarynyň seçelenip, topragyň ýüzüni örtmegi, agaçlaryň şahalarynyň täsin bir sungat eserine öwrülmegi kalbyňy heýjana getirýär. Şeýle owadanlygy döredýän gar we gar tozgajyklary bilen bagly gyzykly maglumatlar köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek.

● Gar tozgalarynyň aýdymyny diňläp gördüňizmi? Gar tozgalary suwa degende ýokary ýygylykly ses çykarýar, emma bu sesi adamlar eşitmeýär.

Näzli ÝAGŞYMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.