Adamzadyň bähbidine

24 Dekabr 2023
653

Daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigaty gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işlerde döwletimiz iri halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. 1-2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler
Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz forumda çykyş edip, howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ekologik meselelere degişli wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi. Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Bellenilişi ýaly, şol bir wagtda, ýurdumyz bu resminamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek başlangyjynyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz teklip edilýän Howa we saglyk boýunça Jarnamany, durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny doly goldaýandygyny hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin «СOP28» koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldamaga taýýardygyny nygtady.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.