Biserhet dünýäniň perwanalary

20 Dekabr 2023
809

Bu ýerde gürrüň guşlar, olaryň ýaşaýşy hakynda barýar. Guşlaryň birnäçe görnüşi ýylyň pasyllaryna görä özleriniň ýaşaýan ýerlerini üýtgedip durýar. Ine, häzirki gyş günlerinde bolsa olaryň köpsanlysy ülkämize gyşlamaga geldi. Munuň özi, ilkinji nobatda, tebigatyň özboluşly kanuny bilen baglanyşykly. Ikinjiden bolsa, ýurdumyzda guşlaryň gyşlamagy üçin amatly tebigy şertleriň bardygyny bellemek artykmaçlyk etmez. Üstesine, olaryň birnäçe görnüşi kanunçylyk tarapyndan hem berk gorag astyna alnandyr.

Türkmen topragynda gyşlaýan guşlaryň arasynda gözellikde deňsiz-taýsyz guwlardyr ak we çal durnalar, uly ak gogurlardyr uly jübtünler, ördeklerdir deňiz bürgütleri, gajarlardyr togdarylar bar. Doly bolmadyk bu sanawdaky guşlaryň aglabasy suw guşlarydyr. Welaýatymyzda olaryň gyşlamaklary, kadaly iýmitlenmekleri üçin ýeterlik möçberde köllerdir emeli suw howdanlary bar. Olaryň bir bölegi bolsa biziň goraghanamyzyň çäginde ýerleşýär. Guşlar Amyderýada, Gabakly, Nargyz tokaýlyklarynyň, Kelif çäkli goraghanasynyň çäklerindäki köllerde köpçülikleýin gyşlaýarlar. Bu guşlaryň köpsanlysynyň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendigi bellärliklidir.

Ýaňybaý ROZYKULYÝEW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.