Welaýatymyzda iri süýji suw gatlaklary

20 Dekabr 2023
743

Welaýatymyzyň çäginde süýji ýerasty suwlary saklaýan sebitleýin ýaýran gatlaklar suw üpjünçiligi üçin ýaramlydyr. Süýji ýerasty suwlaryň esasy gorlary we serişdeleri çägeli çöllükde, iri çägeasty, ähli ugurlar boýunça çürelip inçelýän iki tarapy güberçek gatlaklarda (linzalarda) ýerleşýärler. Gurak çöllüklerde ýerasty süýji suw gatlaklary aşakda ýatan duzly suwlaryň üstünde ýerleşýärler, duzly suwlaryň ýokary dykyzlylygy netijesinde olar süýji suwlar bilen garyşmaýarlar. Şolaryň hasabyna halk hojalygynyň köp pudaklarynyň suw üpjünçiligi ýola goýulýar. Olaryň hemmesi ýeterlikli öwrenilendir we esasan, ýerüsti suw akarlardan (derýalardan, iri suwaryş ulgamlaryndan) uzakda ýerleşendir. Welaýatymyzda Ýasga, Çerkezli, Garaköl, Çilmämmetgum ýaly iri çägeasty gatlaklaryň süýji suwlarynyň ulanyş gorlary tassyklanandyr.

Ýasga süýji suw gatlagy Uzboýuň kenarynda ýerleşip, Uzboýýaka Garagumuň merkezi bölegini tutýar. Onuň umumy uzynlygy 65 kilometrden, giňligi 30 kilometrden gowrakdyr. Iki müň inedördül kilometre golaý meýdandaky süýji suwuň duzlulygy 1 gram litre deňdir. Bu ýerde suwuň gorlarynyň köpdügi anyklanyldy. Emma, süýji suwuň daş-töwereginiň duzly suwlar bilen gurşalandygy sebäpli, guýulary iki enjamly gurnaýarlar. Şolaryň biri süýji suw, beýlekisi bolsa duzly suw çykarýar. Şeýle edilensoň, duzly suw süýji suw çykarýan guýa zeper ýetirip bilmeýär. Suw gatlagy öwrenilende, N.G. Şewçenko we beýleki alymlar onuň gelip çykyşyna we nireden iýmitlenýändigine aýratyn üns berdiler. Ýasga suw gatlagy Amyderýanyň galyndysy hasaplanylýar. Ol welaýatymyzda iň oňat öwrenilen  we sebiti senagat, durmuş taýdan suw bilen üpjün edýän esasy ýerasty suw ýataklarynyň biridir.

Gurbanguly ŞAJYKOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň laboratoriýa müdiri.