Günbatar Köpetdagyň alma tokaýlyklary

20 Dekabr 2023
920

Günbatar Köpetdagda alma, armyt tokaýlyklaryna uly orun degişlidir. Bu künjekde ýabany görnüşde duşýan almalar şeker alma, turşy alma, gyş alma ýaly görnüşler bilen häsiýetlenýär. Alma agaçlary Garaälemde, Süntde, Hasarda, Çokagaçda, Aýderede, Könekesiriň demirgazygyndaky daglarda, Çendirde, Güwende, Tämilde, Ypaýgalada ýabany ýagdaýda orta we ýokary guşaklyklarda, eňňitlerde, jülgelerde köpçülikleýin gabat gelýär. Olar Hasarda topbak bolup, dag tokaýjygyny emele getirýär.  

Çaryýar TAGYÝEW,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy.