Gyş pasly geldi

19 Dekabr 2023
855

Ak gardan donuny atyp egnine,
Türkmen topragyna gyş pasly geldi.
şöhrat hem şan berip, ile, döwrüme,
Türkmen topragyna gyş pasly geldi.

Aňzagy bar, ýagyşy bar, gary bar,
Toprak üçin gerek zatlaň bary bar,
Ak garyna garaşdyk biz intizar,
Türkmen topragyna gyş pasly geldi.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW.