Reňki hurmaýy igde

19 Dekabr 2023
787

Bu daragt hakynda şeýle bir rowaýat bar. Irräkki döwürde bir barjamly baýyň dürli ir-iýmişli uly çarbagy bolupdyr. Şol bagyň içinde-de ýalpyldap duran ýaşyl ýaprakly, miwesi iri hem örän tagamly bir agaç bar eken. Kölegesiniň goýrulygy sebäpli, beýleki ösümliklere zyýan berýänligi üçin baý öz bagbanyna bu daragty çarbagyň daşyna, akar ýabyň boýunda ekmegi buýrupdyr.

Ine, şonda çarbagyň daşyna çykarylan bu agajyň göwni galyp, namys etmekden ýaňa ýapraklary kiçelip, inçelipdir, reňki öçüşip, ol açyk aksowult kümüş reňke öwrülipdir. Miwesiniň suwy sykylypdyr, içi tozgalap, igläp, daşky gabygy gyzyl köz ýaly reňke dönüpdir. Igläp-igläp, «igde» adyny alan bu agajyň miwesi welin, şol bir ýokumlylygyna galypdyr. Onuň häzirki wagtda-da obanyň, mellek ýerleriniň çet-gyralaryndaky ýaplaryň boýunda ekilýändigi hem şondanmyş.

Öwezmyrat GELDIBAÝEW.
«Türkmenistan».