Milli ýörelgeleriň ygtybarlysy

14 Dekabr 2023
1897

Bitaraplygyň süňňündäki ynsanperwerlik halkymyzyň däp-dessurlarynda has aýdyň şöhlelenýär. Bitaraplyk syýasaty we onuň ýörelgeleri Oguz han eýýamyndan bäri türkmenleriň guran ähli döwletlerinde  mälimdir.

Miladydan öňki I müňýyllygyň ortalarynda türkmen topraklarynda bolup geçen wakalar hem bitaraplyk ýörelgeleriniň ilkinji mysallarynyň şöhlelenmesidir. Gerodotyň «Taryh» eserinde massagetleriň şa zenany Tumaryň ahemenileriň şasy Kir II-ä ýazan hatynyň mazmuny hem oňa aýdyň mysaldyr.

Silwiýa MÄMMEDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň talyby.