Guşlar dünýäsi

25 Oktýabr 2023
643

Halkaly gumry

Halkaly gumry Türkmenistanyň çäklerinde ilkinji gezek 1940-njy ýylda Guşgy derýasynyň jülgesinde hasaba alyndy. Häzirki döwürde ol Amyderýadan Hazara çenli Türkmenistanyň ähli ýerinde gabat gelýär. Bu oturymly guş derýalaryň jülgelerinde, dag eteklerinde we ekinzarlyklarda ýaşaýar. Gyrymsy agaçly ýerlerde aýratyn jübüt bolup höwürtgeleýär, kiçiräk tokaýlary, baglary, seýilgähleri, ýaşyl zolaklary halaýar. Adamlaryň arasynda bolmakdan gaça durýar. Ol dürli ösümlikleriň tohumlary, şeýle-de däneli ösümlikler bilen iýmitlenýär. Güýzüne we gyşyna iýmitlenmek üçin ekerançylyk meýdanlaryna uçup gidýärler.

Gülşat ROZYÝEWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.