Gülleriň soltany

25 Oktýabr 2023
583

Her gülüň özboluşly ysy we owadanlygy bar. Ýöne biziň ählimiz bägüli gülleriň soltany hasaplaýarys. Arheologik barlaglaryň netijelerine görä, bägüller Ýer ýüzünde 25 million ýyldan bäri, medeni ösümlik hökmünde bolsa 5000 ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Şol döwürden bäri ol dostlugyň, söýginiň nyşany hasaplanylýar.

Bägüller köp ýurtlarda ekilip, ynsany diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem, janyňa hoş ýakýan ysy bilen hem özüne melul edipdir. Aslynda, bägülleriň mekany gadymy Parsiýa döwleti hasaplanylýar. Beýik soltanlaryň köşkleri, äpet derwezeleri, toýundan, altyn-kümüşden ýasalan gap-gaçlar, küýzeler, haly we palas önümleri, Müsür faraonlarynyň mazarlary bägülüň ajaýyp keşbi bilen bezelipdir. Tebipler bägül gülünden alnan ýagdan dertlilere derman ýasapdyrlar. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen Geradot öz ýazgylarynda bägüli taryplapdyr. Gadymy Hytaý akyldary Konfusiý bu täsin gülüň ösdürilip ýetişdirilişi barada ýazyp gidipdir.

Taýýarlan Mähri NURÝAGDYÝEWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby.