Kaktus miwesi

24 Oktýabr 2023
518

Pitaýýa kaktuslar maşgalasyna degişli bolan ösümlikdir. Pitaýýanyň watany Meksika hasaplanýar. Häzirki wagtda bu ösümlik Ýaponiýada, Awstraliýada, Günorta-Gündogar Aziýada, Merkezi we Günorta Amerikada giňden ýaýrandyr. Onuň iki görnüşi tapawutlandyrylýar. Olara: lian şekilli we gür agaçlaşan pitaýýa kaktuslary degişlidir.

Pitaýýanyň güli gijesine açylýar. Onuň iri, ýakymly ysly gülleri bolýar. Bu ösümligiň miwesi onuň gülleýiş döwründen 30 – 50 günden soň bişýär. Bir ýylyň dowamynda pitaýýadan 5 – 6 gezek hasyl alyp bolýar. Onuň şireli miwesiniň agramy 150 – 600 gram, käwagt bolsa 1 kilograma deň bolýar. Miwäniň ululygy almanyň ululygynda bolup, süýnmek şekilli bolýar. Miwäniň daşky gabygy ýiti gülgüne ýa-da sary reňkli, ýumşak etlek bölegi bolsa ak reňkli bolýar. Onuň ýumşak etlek böleginde kiçijik gara reňkli tohumlar bolýar. Miwe içki gurluşy we tagamy boýunça kiwä meňzeýär. Pitaýýanyň kaktuslar maşgalasyna degişlidigi üçin onuň miwesine «kaktus miwesi» diýilýär.

Oguljuma ANNALYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.