Garagum — genji-hazyna

24 Oktýabr 2023
622

Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, ajaýyp tebigy gözelliklerini gorap saklamak işinde döwlet goraghanalaryna möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmegi-de dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagumuň özboluşly, gaýtalanmajak ekologiýa ulgamlaryny we tebigy baýlyklaryny gorap saklamak maksadyna esaslanýar.

Bu goraghananyň hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi giň sähranyň has-da baýlaşmagyna getirdi. Şeýlelikde, gözel Garagum soňky ýyllarda has özgerdi. Goraghananyň çägine girýän ümmülmez sährada sazak, sözen, ojar, gandym, çerkez, çeti ýaly ösümlikleriň tokaýlyklary döräp, ol ýerde towşan, gum käkiligi, togdary... ýaly guşlar, jandarlar günsaýyn köpelýär. Türkmen kölüne demirgazykdan gyşlamaga gelýän guwdur gazlaryň, ördekleriň sany barha artýar. Munuň özi ýakyn ýyllarda kölüň daş-töwereginde uly tokaýlyklaryň döräp, ýaşaýşyň gülläp ösjekdigine güwä geçýär.

Nowruz GÜÝJOW,
Türkmenistanyň Prezidentiň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.