Jümle-jahan habarlary

18 Oktýabr 2023
479

Dünýä rekordyny täzeledi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynda iň uly bakja önümlerini ýetişdirmek boýunça 50-nji gezek geçirilen gözden geçirilişikde ýerli bagban Trewis Ginger dünýä rekordyny täzeledi. Onuň ösdürip ýetişdiren kädisi 1 müň 246 kilograma barabar bolup, dünýäniň iň uly kädisi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Äpet kädiniň ululygy basketbol toplarynyň, ortaça, 2110-syna deňeldi. Okuwçylara bagbançylykdan sapak berýän 43 ýaşly mugallym ýetginjeklik ýyllaryndan bäri äpet kädileri ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Geçen ýyllaryň dowamynda Trewis Ginger başga-da birnäçe ýaryşlarda ýeňiji boldy. Bu ugurda mundan öňki dünýä rekordy 2021-nji ýylda 1 müň 226 kilogramlyk kädini ösdürip ýetişdiren italiýaly Stefano Kutrupä degişlidi.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).