Welwiçiýa uzak ýaşaýan ösümlik

17 Oktýabr 2023
721

Welwiçiýa dünýä ýüzünde gurakçylyga çydamly uzak ýaşaýan ösümlik hasaplanýar. Welwiçiýa Angolanyň günorta böleginde, Namibiýanyň bolsa çöllüklerinde duş gelmek bolýar. Bu ösümligiň ady ony ilkinji gezek açan biolog alym Fridrih Welwiçanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Afrikan dilinde welwiçiýa «tweeblaarkanniedood» diýlip atlandyrylýar. Bu söz bolsa «iki ýaprakly ölmeýän ösümlik» diýmegi aňladýar.

Welwiçiýanyň köküniň, baldagynyň uzynlygy 50 santimetr bolup, ýogynlygy 1 metre deň bolýar. Onuň ýapragynyň uzynlygy 2 – 4 metre, käwagt bolsa 8 metre çenli ýetip bilýär. Welwiçiýanyň iki sany ýapragy bolup, ol ösümligiň bütin ýaşaýşynyň dowamynda ösmek bilen bolýar. Onuň ýapraklarynyň ujy kem-kemden guraýar, esasy bolsa ýuwaş-ýuwaşdan ösýär. Şeýlelikde, ýeriň ýüzüne ýazylyp ösýän ýapraklary uly meýdany eýeläp durýar. Onuň ýaşaýşynyň dowamlylygy 2000 ýyl töwerege golaý bolýar. Welwiçiýa özüne gerek bolan çygy ümürden alýar. Ol gurak zolakly ýerlerde 5 ýyldan gowrak wagtlap ygaldan peýdalanman ýaşap bilýär. Alymlar onuň ýaşaýşynyň genetiki syryny häzirki wagta çenli doly anyklap bilmediler. Muňa garamazdan, alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde 86 ýyl mundan ozal welwiçiýanyň hromosom toplumynyň sanynyň ultramelewşe şöhleleriniň täsiriniň astynda iki esse köpelendigi anyklanyldy. Ewolýusiýa netijesinde hromosom toplumynyň sanynyň artmagy, onuň ýaşaýyş funksiýasynyň üýtgemegine getirdi. Has takygy, welwiçiýa ösümliginiň hromosom toplumynyň artmagy onuň gurak klimatly, ýaramaz topraklarda uzak wagtlap ýaşamagyna kömek etdi.

Enebaý ANNALYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.