Afrikan armydy

10 Oktýabr 2023
740

Örän ýokumly miweleri bilen beýleki baglardan tapawutlanýan, ylmy dilde «Dakriodes burzerow» maşgalasyna degişli bolan, hemişe ýaşyl öwsüp oturýan bu agaja Afrikanyň çygly tropiki tokaýlarynda, Nigeriýanyň demirgazygynda we Angolanyň günortasynda duş gelmek bolýar. Tebigy şertlerde agajyň boýunyň uzynlygy 17 – 41 metre, medeni şertlerde bolsa 12 – 14 metre ýetýär. Ol 5 – 8 sany ýaprakdan ybaratdyr. Gülleri sary reňkli bolup, ýakymly yslydyr. Gül toplumynyň diametri 3,5 – 5 santimetr aralygynda bolýar. Onuň güllerinden köp şire bölünip çykýar. Şonuň üçin onuň gülleri mör-möjekleriň kömegi bilen tozanlanýar. Miwesiniň uzynlygy 4 – 13 santimetr aralygynda bolýar. Onuň miwesi agajyň gülleýiş döwründen 2 – 5 aýdan soňra bişýär. Miwäniň daşy benewşe — syýa reňkde, etlek bölegi bolsa ýumşak bolup, sarymtyl ýaşyl reňkde bolýar. Dünýäde onuň miwesi «afrikan armydy» ady bilen bellidir. Sebäbi onuň miwesiniň tagamy armydyňka meňzeş bolýar.

Miwäniň düzüminde 48 göterime golaý ýag saklanýar. Şonuň üçin onuň miwesi ýag senagatynda giňden ulanylýar. Hasaplamalara görä, bir gektar agaçdan 7 – 8 tonna çenli ýag almak bolýar hem-de agajyň ähli synalaryny ulanmak bolýar. Onuň smola baý bolan gabygyndan ýelim taýýarlanylýar. Dakriodesiň güýçli ösen kök ulgamy bolup, ony topragyň eroziýasyna garşy göreşmekde peýdalanýarlar.

Ramazan NURÝAGDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.