Garagumuň miweleri

20 Sentýabr 2023
680

Güýz arly ýylky zähmetiň netijesini görkezýän pasyl. Diýmändirlermi näme: «Jüýjäni güýzde sanaşarys» diýip. Topragy börtüp çykan giýalaryň ählijesiniň miwesini görkezýän aýlarynda türkmeniň özi ýaly sada, agras, syrly Garagum sährasynyň gandymdyr çeti, çerkezdir sazaklary hem miwe getirýär. Bu miweler örän köp dürli bolup, her biriniň şekili üýtgeşik.

Ine, pökgi ýaly togalajyk goňurja şarlar. Bular ýylagyň miweleri. Perlije miweler sözeniňki, daşy tüýjümek, gyzgylt reňkli miwe bolsa gandymyňky. Biri-birine düýbünden meňzemeýän miweleriň arasynda nähilidir bir çalymdaşlyk bar, ýagny pökgi ýaly togalajyk. Şol sebäpli hem olar ýeliň ugruna togalanyp gidip bilýärler. Tebigat olary şeýle ýaratmadyk bolsa, onda ol ösümlikleriň tohumy nädip ýaýrasyn, nädip köpelsin? Bu tohumlary täze menzillere, esasan, ýel ýaýradýar. Şeýlelikde, tebigatyň ajaýyp sazlaşygy netijesinde, Garagum sähramyz ösümliklere beslenýär.

Saýara BALTAÝEWA,
TOHI-niň mugallymy.