Mizan — tebigatyň ajaýyp döwri

20 Sentýabr 2023
719

Sentýabr aýy ýyldyz senenamasy boýunça Ýaldyrak döwründen Mizan döwrüne geçilýän aýdyr. Sentýabryň 23-i gündiz bilen gijäniň güýzki deňleşýän günüdir. Bu aýda howa barha dury bolup, gözýetimiň giňişlikleri, daglaryň gerişleriniň gözel görnüşleri açylýar. Durnalaryň uçup geçmegi, maýda guşlaryň topar-topar bolup uçup baryşlary arzyly güýz möwsüminiň gelendigini alamatlandyrýar.

Güýzde tebigat tyllaýy reňkde öwşün atýar. Köpsanly birýyllyk hem köpýyllyk otjumak ösümlikler güllemegini dowam etdirýär. Gumaklyk sährada ösýän gara we ak sazaklaryň tohumy bişip ýetişýär. Darganata tokaýlyklarynda aýyň ahyrynda güýzüň ilkinji alamatlary peýda bolýar. Tokaý derekleri bolan toraňňylaryň we petdeleriň ýapraklary saralyşyp ugraýar. Dänelileriň iň bitginlisi bolan gargy gülleýär. Olaryň uly tozgalary güneşiň astynda kümüşsöw reňkde ýyldyraşýarlar.

Hemragül NARBAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.