Garasar

20 Sentýabr 2023
571

Garasar obalarda, ekin meýdanlarynda, daglarda duş gelýär. Oturymly ýaşaýan bu guş dürli görnüşli bolup, dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýrandyr. Olardan ala we gara görnüşleri biziň ýurdumyzda ýaşaýarlar.

Garasar höwürtgesini dag gowaklarynda, jaýlardyr baglaryň üstünde ýasaýar. Ýumurtga basyrmak möhleti 15 gün töweregi bolup, 5 — 6 ýumurtga basyrýar. Onuň jüýjeleri 20 güne çenli höwürtgede bolup, soňra özbaşdak ýaşap başlaýarlar.

Natalýa BABAÝEWA,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň kitaphanaçysy.