Lotos güli

20 Sentýabr 2023
742

Lotos — suwda gögerýän owadan gülli ösümlik bolup, ol gadymy Müsürde tämizligiň, päkligiň, mukaddesligiň we rysgal-berekediň nyşany hasaplanylýar. Müsürlileriň ynançlaryna görä, eger Nil derýasy joşanda, lotos güli köp gögerse, onda şol ýyl bereketli bolup, ene toprak bol hasyl eçilermiş. Gadymyýetde lotos hasyllylygyň perisi Izidanyň güli hasaplanylypdyr. Izidanyň tagty hem lotos gülünden eken. Müsürliler Günüň hudaýy Osirisi Lotosyň ýapragynyň üstünde, ýagtylygyň hudaýy Gory bolsa gülüň üstünde oturan keşbinde suratlandyrypdyrlar. Ondan başga-da, lotos patyşalaryň täjini, gelin-gyzlaryň başgabyny bezäpdir.

Lotos hindileriň tugrasynda hem suratlandyrylýar. Gadymy Hindistanda ýer suwuň ýüzünde açylan lotos güli şekilinde, jennet bolsa gülgüne lotosyň gülleýän köli ýaly bolmaly diýlip pikir edilipdir.

Taýýarlan Bahar KASYMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.