Ýadygärlikler mekany

20 Sentýabr 2023
680

Häzirki wagtda Köýtendagyň biodürlüligi 2000-den gowrak görnüşden ybaratdyr. Köýtendagyň florasynda halk we ylmy lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň 130-dan gowragy duşýar.

Bu ýerde ösýän ösümlikleriň sekiz görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji neşirine girizilendir. Häzirki wagtda goraghananyň çäklerinde ösümlik örtügi dikeldildi. Munuň şeýledigine zerewşan arçasynyň tokaýlyklarynda ýaş agaçlaryň ýyl-ýyldan köpelmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär.

Mohira HOJAMBERDIÝEWA,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.