Nurly daşyň ýalkymy

20 Iýul 2023
780

Paraiba turmalin daşynyň bir görnüşi bolup, onuň mawy, asman gök reňklisi paraiba diýlip atlandyrylýar. Paraiba zergärçilik bazarynda dessine özüni aldyran gymmat bahaly daşlaryň biridir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda aýratyn bir görnüş hökmünde tanalyp başlananlygyna seretmezden, paraiba köp sanly hususy kolleksiýalaryň täji hasaplanýar.

Bu daşyň ady Braziliýanyň Paraiba ştaty bilen bagly bolup, ol Günorta Amerikanyň gündogarynda ýerleşýär. Paraiba ýataklary bir asyrdan gowrak wagt bäri özleşdirilip gelinýär. Bu ýerlerde ýaşyl turmalinler we uly ametistler köpden bäri gazylyp alynýar. Bu ýataklaryň ähli gözleýjileri bu ýerlerde indi üýtgeşik bir mineralyň bolup biljekdigine ynanmandylar. Diňe Heýtor Dimas Barboz atly adam şol pikiriň ýesiri bolupdyr. Ol XX asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda özi bilen pikirdeş adamlardan topar düzüp, gymmat bahaly daşyň gözlegine çykýar. Bu ýerden hiç kimiň görmedik daşyny tapyp boljakdygyna çyn ýürekden ynanýar we onuň umydy wysal tapýar. Emma täleýiň bu adam bilen ýowuz oýun gurandygyny aýdýarlar. «Ajaýyp gök daşlaryň kiçijik ýatagyny tapdym» diýende, Barboz hassahana düşýär. Şatlykly, bagtly pursatlar onuň ýüregine, saglygyna ýaramaz täsir edýär. Soňra sagalyp, hemme zat gowulanýaram welin, magdançy hassahanadan çykýança, ýatak boşaýýar.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».