Tebigatyň aýdymy (Şahyrana oýlanma)

13 Iýul 2023
805

Biziň daşymyzy gurşap alan tebigat barada ýeke sözde pikiriňi beýan etmeli bolsa, men oňa «gözellik» diýerdim. Sebäbi islendik zatda özboluşlylygyň, gaýtalanmaýan täsinligiň bolmagy bizi ilkinji bakyşdan özüne imrindirýär. Onsoň günüň-gününe gözümiz düşüp ýören şol täsinligiň içine tutuş süňňümiz bilen siňip gidýäris. Şeýdibem oňa örkümiz baglanýar. Aslynda, biziň özümiz tebigatyň bir bölegi. Şonuň üçinem şatlykdan göwnümiz göterilende-de tebigaty küýseýäris. Şonda daş-töweregimiz öňküsindenem has gözelleşen ýaly bolýar. Şeýdip tebigat seniň bilen begenjiňi paýlaşýar.

Bir gezek, näme sebäpdendigi ýadyma düşenok, kalbymy şeýle bir gussa gaplady. Eden işim tersine, gürleşenim bilenem sözüm alşanok. Garaz, tutuş dünýä şol gün meniň garşyma çykana döndi. Onsoň öýde oturyp takat tapman, hemişekije gaçybatalgama özümi atdym. Gaçybatalga diýýänim — çagalygymdan deň-duşlarymyz bilen dürli oýunlara gümra bolup, wagtymyzy geçiren gözel künjegim. Ol gözelligiň kalba eçilýän melhemini, süýjüligini dünýäniň hiç bir künjeginden tapyp bilerin öýdemok. Wagt geçdigiçe-de ol ýeriň täsirliligi artyp barýan ýaly. Megerem, munuň sebäbi ol ýerde çagalygymyň iň süýji pursatlarynyň geçendiginde bolsa gerek. Setirlenişip oturan söwütleriň täsin ygşyldysyna ses goşýan ýaly, bärden bardygyň ene ýabam hemişeki owazyna başlar. Onsoň guşlaryň günüň-gününe haýsydyr bir konserte taýýarlyk görýän ýaly, iň bir belent owazdan ýaňlanýan aýdymlaryny diňläp doýar ýaly däldir. Şonuň üçinem wagt tapdygym ýöriteläp tebigatyň guraýan «konsertlerini» diňläp gaýdýaryn.

Maksat GURBANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.