Mazy

11 Iýul 2023
736

Türkmeniň bereketli topragynda bitýän bakja önümleriniň biri-de mazydyr. Mazynyň baldagy togalak bolup, ýere ýazylyp ösýär we goly töwerege ýaýraýar. Miwesi tüýjümek, daşy besse-besse nagyşly, eliň aýasynda ýerleşip duran, gyzgylt-goňras reňkli mazy güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde diýen ýaly ösýär. Onuň miwesi ysgamak we bezeg üçin ulanylýar.

Maza halk dilinde dessemmaýa diýilýär. Onuň ysyny ysgap doýup bolmaýandygyny söz ussady Magtymguly Pyragy «Güli, destembili ysgan doýunmaz» diýip beýan edipdir. Ýakymly ysly mazy hakda halk döredijiliginde birnäçe setirler hem bar. «Gawun gowusy — mazy, it gowusy — tazy» diýen nakyl muňa mysaldyr.

Guwanç MÜLKIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.