Müşki-anbar ysly güller

11 Iýul 2023
702

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, öndürilýän önümleriň hiliniň gowulandyrylmagy hem-de mukdarynyň artdyrylmagy, ýerden, suwdan, mineral dökünlerden netijeli peýdalanylmagy obasenagat toplumynyň öňünde anyk wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Şol möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bu pudakda amala aşyrylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Oba hojalygy çalt depginler bilen ösdürilýär we ol ýurdumyzda girdejili pudaklaryň birine öwrüldi. Sebäbi daýhanlaryň öndürijilikli we bökdençsiz işlemekleri, halal gazanç edip baýamaklary, döwrebap dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýylyň-ýylyna daşary ýurtlardan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary satyn alynýar. Mineral dökünler bilen üpjünçilik barha gowulanýar. Şeýle bolansoň, ekerançylygy ösdürmäge niýetlenilen daýhan hojalyklaryny döretmäge isleg bildirýän adamlaryň sany hem barha köpelýär.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
žurnalist.