Bendesene bendiwanam

11 Iýul 2023
870

Türkmen ülkesiniň her bir künjeginiň ýakymly, şöhratly geçmişiniň bardygyna gojaman taryhyň özi şaýat. Ata-babalarymyz öz şöhratly menzilleriniň beýanyny küti-küti kitaplara ýazypdyrlar. Gazuw-agtaryş işlerini geçirýän arheologlaryň küýze bölejiklerini, diwar syrçalaryny öwrenip, taryhy dikeldişleri ýaly, dürli-dürli maglumatlaryň, çaklamalaryň, degşirmeleriň kömegi arkaly bagrymyz badaşan topragymyzyň, mukaddes ata Watanymyzyň taryhyny dikeltmäge we wagyz etmäge borçludyrys.

Bendesen ýurdumyzyň taryhy şan-şöhrata beslenen künjekleriniň biridir. Bu geografik adyň asyl manysyny ýüze çykarmak üçin dilçi alym Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmenistanyň toponimik sözlügi», «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» diýen kitaplaryna ýüzlendik. Alym olarda ýerli oba adamlaryndan eşiden gürrüňleriniň esasynda şol sözüň etimologiýasy boýunça garaýşyny beýan edýär.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
ýazyjy.