Repetek Saharasy

6 Iýul 2023
861

Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşen «Repetek Saharasy» diýlip atlandyrylýan ajaýyp tebigy ülke Lebap welaýatynyň çägindäki Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň düzümine girýär. Ol goraghananyň merkezi bagyndan 4 kilometr günbatar tarapda, Aşgabat — Türkmenabat gara ýolundan 1,5-2 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Onuň edil başlangyç aklaň çäge depesini Aşgabat — Türkmenabat gara ýolundan «Malaý» gaz känine çenli çekilen ýol kesip geçýär. Şunuň ýaly amatly ýerde ýerleşendigi sebäpli «Repetek Saharasy» ekologik syýahatçylygy guramaga uly mümkinçilik döredýär.

Bu tebigy ülke beýikligi 25 — 30 metr aralygyndaky gum gerişlerinden ybarat bolup, ol Amyderýanyň çep kenaryndaky çägeleriň Repetege çenli ýetýän gollarydyr. Bu ýerde ösüp oturan sözendir seline duşaýmasaň, başga ösümlik örtügi ýokdur. Şol depelere uzakdan nazar aýlanyňda, göz öňüňde dünýäde iň uly çöl hasaplanýan Sahara meňzeş keşp peýda bolýar. Şonuň üçinem bu täsin ýer «Repetek Saharasy» diýlip atlandyrylýar.

Aziza FURKATŽANOWA,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylym bölüminiň uly ylmy işgäri.