Tebigatyň tenekary

4 Iýul 2023
599

Taryhda möhüm yz goýan şahsyýetleriň bitiren hyzmatlaryna degişli derejede baha bermek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Orta asyr çeşmelerinden belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň çäginden geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherlerde milli lukmançylyk tejribeleri netijeli ösdürilipdir. Köneürgençde ýaşap geçen Mahmyt Omar Çagmin atly alym öz işlerinde milli lukmançylygyň özboluşly tejribesini ulanmagy başarypdyr. Ol dermanlyk ösümlikleriň häsiýetini öwrenmek bilen içgin meşgullanypdyr.

Alym Çagmin lukmançylyk ugruny ikä bölüpdir, ýagny nazary lukmançylyk we amaly lukmançylyk ýaly ugurlary esaslandyrmak bilen, tebigy hadysalaryň, ýeriň geografiki ýerleşişiniň, adamlaryň beden gurluşynyň özboluşly aýratynlyklaryna göz ýetiripdir. Şeýle hem ol dermanlyk ösümlikleriň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly pikirleri öz içine alýan «Kanunça» atly kitaby ýazypdyr.

Jeren ÖWEZOWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.