Tebigat — göwünleriň ganaty

14 Iýun 2023
484

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda kabul edilen ähli iri milli özgertmeler maksatnamalary we meýilnamalary Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlary, şol sanda ekologiýa düzümi bilen berk utgaşýar. Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretleri nazara alnyp, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen bitirilýän beýik işler halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Hut şu belent maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçilýär.

Ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli amal etmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ilat üçin oňyn şertleri döretmek babatdaky strategiýa dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky çagyryşlaryna, tagallalaryna doly laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigatyny bagy-bossanlyga büremek we gülzarlyga öwürmek ugrunda ýadawsyz aladalary ynsan saglygyna oňyn täsir edýän amatly daşky gurşawyň durnuklylygyny saklamagyň, adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmegiň baş wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde bu ugurda alnyp barylýan beýik işler hem mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyndan gözbaş alýar. Ýurdumyzda diňe bir şäherlerdir obalar bagy-bossanlyga bürenmän, eýsem, täze gurulýan zawodlardyr fabrikler, önümçilik desgalary iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün edilip, ekologik talaplara doly laýyk gelýär. Türkmen tebigatyny bagy-bossanlyga büremek we gülzarlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Meýlis DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.