Tebigaty ýangyndan goralyň!

14 Iýun 2023
566

Dynç günlerinde ýa-da zähmet rugsady wagtynda howanyň yssy günleri ildeşlerimiz maşgala agzalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaý-seýilgäh zolaklarynda dynç alýarlar. Ol ýerlerde nahar bişirmek üçin ot ýakmagyň özboluşly düzgünlerini berjaý etmezden, ýangynyň ýüze çykmak howpuny döredýärler. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ot ýakmak doly gadagan edilýär. Eger-de çykgynsyz ýagdaý emele gelende, ot ýakmak üçin, çägeli ýa-da akar suwuň golaýynda ýerleşýän daşlyk ýerden peýdalanmaly. Ot ýakylmazdan öň, şol ýeriň 15 metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalanmalydyr. Ody ýarym metr çuňlukda ýa-da daşlyk ýer bolanda, töweregine daşlary örüp ýakmalydyr. Otdan peýdalanyp bolnandan soň, ot, suw, gum ýa-da çäge sepilip, doly söndürilmelidir.

Dynç almaga maşgala bolup gidilende, çagalary gözegçilikde saklap, olaryň ot bilen garagolluk etmekleriniň öňi alynmalydyr. Kähalatlarda adamlaryň köpüsi özleriniň şahsy awtoulaglary bilen tebigata çykýarlar we guran ot-çöpleriň üstlerini basalap geçýärler. Bu bolsa iň bir howply ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirýär. Sebäbi awtoulagyň tüsseçykaryndan guran ot-çöplere uçgun düşüp, ýangynyň döremegine getirjekdigi ikuçsuzdyr. Käbir ýagdaýlarda bolsa sürüjiler dynç alyş ýerlerinde şahsy awtoulaglarynda bejeriş-abatlama işlerini geçirip, ellerini ýa-da awtoulagyň şaýlaryny esgiler bilen süpürip, şol ýag-ýangyç siňen esgileri gury ot-çöpleriň üstüne taşlap gidýärler. Şeýle sowuk-sala hereketiň howply ýagdaýlara getirmegi mümkin. Sebäbi ýag-ýangyç siňen esgiler yssy howa şertlerinde öz-özünden ýanyp, tebigatymyzyň gaýtalanmajak gözelligine uly zeper ýetirmegi mümkin.

Agaly AGALYÝEW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 113-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.