Geçmişiň gözli şaýady

13 Iýun 2023
2042

Ýurdumyzyň çar künjündäki geçmişi ýatladyp duran galalar her bir Watan perzendiniň öz Diýarynyň geçmişine bolan sarpasyny, geljegine çäksiz ynamyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz olary öwrenmegi, şöhratly taryhymyza sarpa goýmagy ündeýär. Uzaklardan howalanyp görünýän galalaryň şykgy toýundan bolan, syrça siňen diwarlary seniň hyýalyňy geçmişe alyp gidýär. Göwnüňe bolmasa, büdür-südür bolup duran pagsalarynyň arasyndan geçmişiň ýaňy gelen ýaly bolýar.

Amyderýanyň orta akymynda, onuň sag kenaryny jähekläp oturan gadymy Beşir obasyna gelen her adamyň öňi bilen obanyň ortasynda, dagyň bölegi ýaly bolup duran köne gala nazary düşýär. Oba adamlary mundan 70-80 ýyl ozal galanyň erkiniň has belent bolandygyny ýatlaýarlar. Bir wagtlar galanyň tutuş daşyndan aýlanan garym bolupdyr. 1928-nji ýylda galanyň daşyndaky garym «guşagy» onuň aýtymyndan toprak alnyp gömülipdir. Şeýlelikde, onuň tutýan meýdany kiçelipdir.

Bö­ri GUR­DOW,
žur­na­list.