Milli baýlygyň goragynda

6 Iýun 2023
552

1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 27-nji sessiýasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni döredildi. Bu şanly sene şondan bäri her ýylyň 5-nji iýunynda tutuş Ýer ýüzünde bellenilip, ol häzirki zaman dünýäsiniň iň derwaýys ekologiýa meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Düýn hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenildi.

Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Watanymyzyň ajaýyp tebigaty, ony aýap saklamaga has-da baýlaşdyrmaga, ýurdumyzyň ekologik abadançylygyny gazanmaga biziň her birimizi borçly edýär.

Maksat HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygy.