Tebigat — gözelligiň nusgasy

1 Iýun 2023
700

Halkymyzyň daşky gurşawa aýawly garamagy, tebigaty goramagy gaty ir döwürlerden bäri durmuş ýörelgesine öwrendigine Oguz han atamyzyň: «Bir agaç ekseň, ömrüň bakydyr» diýen sözleri-de şaýatlyk edýär. Bag ekmegiň sogapdygy bolsa biziň her birimiziň aňymyza çagalykda terbiýäniň ilkinji sapaklary bilen bilelikde guýulýar.

Tebigatyň goraglylygy baradaky meselelere dünýä ýüzünde birnäçe asyr bäri uly üns berlip gelinýär. Bu işiň wajyplygyna A.I.Gersen hem öz döwründe ünsi çekipdir: «Ägirt uly işler ägirt uly serişde talap edýär. Diňe tebigat ähli täsinliklerini, akylyňa sygmajak ajaýyplyklary bize mugtuna bagyş edýär. Ýöne şol ajaýyplyklaryň gymmatyna düşünmesek, tebigatyň mugt eçilen zatlary üçin ägirt uly töleg tölemeli bolmagymyzyň ahmaldygyny unutmaly däldiris». Ine, şular ýaly, daşky gurşawa ýaramaz täsirleriň öňüni almak bilen baglanyşykly işleriň netijesinde, 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 27-nji sessiýasynda 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Bu sene daşky gurşawy goramak boýunça 1972-nji ýylda geçirilen Stokgolm konferensiýasynyň işiniň başlanan güni hökmünde saýlanyp alyndy. Baş Assambleýanyň şol sessiýasynda BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy (ÝUNEP) hem döredildi.

Allamyrat ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri.