ŞÄHER EKOLOGIÝASY: SAZLAŞYKLY ÖSÜŞ WE INNOWASION TÄZEÇILLIK

1 Iýun 2023
817

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanyp, ýurdumyzyň ösüş aýratynlygy we döwletimiziň ileri tutýan wezipeleriniň ählisi jemgyýetçi lik ösüşiniň ýeketäk maksadyna, ýagny adam hakyndaky alada gönükdirilýär. Häzirki wagtda Aşgabat şäherin de toplumlaýyn şäher gurluşyk maksatnamasynyň çalt depginlerde amala aşyrylmagy netijesinde bina edilýän dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilik, durmuş medeni maksatly desgalary, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary we beýleki döwrebap binalar akmermere beslenen şäherimiziň görküne görk goşýar. Sebitde iri işewürlik we me- deni merkez hökmünde ornuny barha pugtalandyrýan ak mermerli Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygyň mekany hökmünde ykrar edilmegi parahatçylygy dörediji merkeziň, döwrebap we sazlaşykly ösýän şäheriň derejesine eýedigi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda paýtagtymyz dünýäniň rekordlar kitabyna goşulan, gözelligi bo ýunça haýrana goýýan ösüşleriň şäheri hökmünde tanalýar. Döwlet Baş tutanymyz paýtagtymyzyň arhitektura sazlaşygy, döwrebaplygy, milliligi bilen yzygiderli gyzyklanýar we gymmatly maslahatlaryny berýär. Paýtagty myzda gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň sanynyň yzygiderli artmagynda halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň durnukly ýokarlanýandygy bilen bir hatarda, ygtybarlylygyň, howpsuzlygyň we bezeg aýratynlygy bilen özgertmelere beslenýän ýokary amatlykly innowasion gurluşyk senagatyny hem görmek bolýar. «Berka rar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş ykdysadytaýdan ös dürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýlede «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyl larda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapýan dürli maksatly desgalaryň gurulmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlerde ekologiýa talaplarynyň ýerine ýetirilmegi esasy wezipele riň hatarynda kesgitlenilýär. Bu bolsa, häzirki wagtda şäherleriň ösüş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynyň onuň ekologiýa sazlaşygynyň hem zerurlygyny ýüze çykarýandygy, şähergurluşyk işlerinde ilatyň saglygyna gönüden göni täsir edýän şäher ekologiýasynyň üpjün edilmeginiň hökmanydygy bilen aýrylmaz baglanyşykly dyr. Häzirki wagtda ykdysady we medeni durmuşyň şäher merkezlerinde jemlenmegi netijesinde şäher ekologiýasynyň öwrenilmeginiň wajyplygy ileri tutulýar. Şäher gurşawynyň şertleri adam üçin amatly bolup, onda önümçiligiň dürli görnüşleriniň guralmagy şahsyýetiň köpugurly durmuş işjeňligine giň mümkinçilikleri döredýär. 2022nji ýylyň 22nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Ýurdumyzda şäher ekologiýasynyň sazlaşygyny nazarlaýan oňyn tejribäniň özleşdirilmeginiň ýurdumyzyň halkara maslahatlaryň, baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede bellenilýän, medeni we ýaşaýyşdurmuş ähmiýetli desgalaryň sanynyň yzygiderli artýan merkezine, özboluşly syýahatçylyk künjegine öwrülýän häzirki döwründe aýratyn ähmiýeti bardyr. Şeýle tejribe netijeli taslamalaşdyrmagy hemde şäheriň gurluşynda ekologiýa taýdan has amatly usullaryň ulanylmagyny öz içine alýar. Bu işlerde şäher gurluşygy, şäheriň arassaçylygy; ekologiýa täsirler we geografik ýerleşişi ýaly dürli ugurlaryň, jemgyýet bilen tebigatyň özara baglanyşygy bolan aýryaýry jähetleriň seljerilmegine esaslanýar. Häzirki wagtda halkara tejribe de ekologiýa ylmynyň şäher ekologiýa ugrunyň seljerilmegi we özleşdirilmegi netijesinde tebigy we durmuş gurşawynyň sazlaşykly ýörelgesi esasynda ýörite taslamalaşdyrylyp gurulýan ekoşäherleriň sanynyň barha artýandygyny hem görmek bolýar. Döwletimizde şäheriň sazlaşykly ösüşi hususanda, gurluşyk ulgamynda dürli maksatly desgalarynyň gurulmagy daşky gurşawyň goragynyň üpjün edilmegini nazarlaýan ekologiýa talaplaryň berjaý edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan bir bitewi ulgamy emele getirýär. Şäher gurluşygynyň ekologiýa talaplary tebigy täsiri azaltmak we öňüni almak maksady bilen desgalaryň gurluşygynda energiýa, suw we beýleki serişde tygşytlaýjy tehnologiýalara, gaýtalanýan energiýa çeşmeleriniň peýdalanylmagyny nazarlaýan ekologiýa innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Mahym ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.